Synag 1 | Synag 2 | Synag 3 | Final |
---|---|---|---|
30.06.2025
Duşenbe
|
24.07.2025
Penşenbe
|
08.08.2025
Anna
|
16.08.2025
Şenbe
|
“Kompýuter I – Windows, Microsoft Word, Microsoft Excel” kursyny üstünlikli tamamlan diňleýjiler kompýuter tilsimatynyň başlangyç maglumatlaryny biler, resminamalaryň üstünde Microsoft WORD programmasynyň kömegi bilen işläp biler, kepilnamalary, gutlag hatlaryny, tablisalar bilen baglanyşykly hemme işleri taýýarlap bilerler, Microsoft Excel programmasynyň kömegi bilen bolsa hasabat işlerini ýerine ýetirip biler.
Iňlis dili “Kids 2” kursuny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, Kids 1 kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, gyzyklanmalary barada, gündelik edýän işleri barada, gürrüňdeşlik geçirip bilerler hem-de kärler barada öwrenerler.
“Matematika IV” kursunda diňleýjiler geometrýa degişli: köpburçluklar we dörtburçluklar, töwerek we tegelek mowzuklary bilen baglanşykly, algebra degişli bolsa: kompleks sanlar, jem we köpeltmek belgisi, arifmetiki we geometriki progressiýa mowzugyna degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.
“Русский язык для продолжающих” tapgyryny üstünlikli özleşdiren diňleýijiler:
- has çuňlaşdyrylan sözler we söz düzümlerini ulanmagy we çylşyrymly tekstler bilen işlemegi, dürli temalarda ýagny wagtlar, türkmen toýlary hakynda, senenama, dünýä ýurtlary we şäherleri hakynda, eserler hakynda, keseller we hassalar, otel, restoran, teatr, konsert, muzeý, galereýa ýaly temalarda öz ara gürrüňdeşlik geçirmegi hem de ýazuw arkaly ýazyp has içgin özleşdirmegi;
- gramatikanyň esaslaryndan: существительные, сказуемое, местоимения, Настоящее, Прошедшее, Будущее время глагола, Главные/Второстепенные члены предложения, Прямая речь, словосочитание ýaly materiallary sözleýişde we ýazuwda ulanmagy öwrenerler.
Iňlis dili “Kids Starter” kursuny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň elipbiýini, 1-den 20-ä çenli sanamagy, öz adyny aýtmagy, käbir reňkleriň atlaryny aýtmagy, “Bu näme?” ýaly örän ýönekeý soraglary soramagy, käbir haýwanlaryň atlaryny aýtmagy, käbir kärleriň atlaryny, käbir mekdep esbaplarynyň atlaryny öwrenerler.
“Iňlis dili – Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we bu terminleri ulanyp özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýa-da pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.
“Kompýuter III – AutoCAD” kursyny tamamlan diňleýjiler 2 ölçegli (2D) we 3 ölçegli (3D) çyzgylary çyzyp bilerler.
“Programmirleme Dilleri” kursyny tamamlan diňleýjiler programmirleme dilleri we programma düzme tilsimleriniň içgin syrlary bilen tanyşdyrylar. Programmirleme dilleriň aýratynlyklary, taslama düzmegiň ädimleri, programmanyň dogrulygyny barlamagyň usullary ýaly goşmaça möhüm maglumatlary öwrenerler. Mundan başga-da, diňleýji algoritmler dünýäsinden birnäçe belli algoritmler bilen tanyşar, algoritm düzmegiň we seljermegiň ýollaryny öwrener.
“Iňlis dili – Practical Course” kursyny tamamlan diňleýjiler kurs möhletiniň dowamynda birnäçe temalarda maslahatlaşylýan pikiriň peýdaly ýa-da peýdasyz taraplarynyň özleşdirilenligi sebäpli iňlis dilinde öz pikirlerini aňsatlyk bilen beýan edip bilerler.
“Iňlis dili – Elementary” kursyny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler, dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemler bilen aýdyp bilerler, geçmiş zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler, ukyplary hakkynda gürläp bilerler (ability-CAN), sanalýan we sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler, jisimler ýa-da adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler.
Iňlis dili “Kids 5” kursuny tamamlan diňleýjiler zatlary san we mukdarda aýtmagy, deňeşdirmegi we öz pikirini beýan etmegi, dynç alyş günleri barada gürrüň açmagy, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmegi, pasyllary we howalary barada gürrüň etmegi we öz pikirini aýtmagy, ýoldaşyndan daşary ýurtda bolup görenligi barada gürrüň açmagy öwrenerler.
Iňlis dili “Kids 6” kursuny tamamlan diňleýjiler degişliligi beýan etmegi, tassyklamagy, maslahat soramagy, rugsat soramagy, daşary ýurt dilleri we tagamlary barada gürrüň açmagy, wagty (dowamlylygyň) beýan etmegi, başarnyklaryň (öten zamanda) beýan etmegi, etmek isleýän zatlaryň barada gürrüň etmegi öwrenerler.
“Golden Bookmark” - bu okamak bäsleşigi. Bu bäsleşik her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen bilim merkezimizde geçirilýär.
Her tapgyrda bäsleşige dürli žanrlardaky kitaplar hödürlenýär. Bu bäsleşige hödürlenýän kitaplaryň üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerindedigini hem belläp geçmek gerek. Bäsleşige gatnaşanlar saýlan kitabyny okandan soň, kitapdaky tekstiň manysyna, berlen faktlara hem-de pikirlere nähili derejede düşünendiklerine baha berýän ýörite synag tabşyrýarlar. Bu bäsleşik biziň okuw merkezimiziň diňleýjileriniň arasynda 2016-njy ýyldan bäri her tapgyr geçirilip gelýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlary kitaphana medeniýeti bilen tanyşdyrmak we diňleýjilerimizde okamaga bolan söýgini has-da artdyrmak bolup durýar.
Dürli psihologlaryň tejribesine esaslanyp, döredijiligiň we sportyň çagalara diňe bir öz mümkinçiliklerini açmak we özlerini tapmak üçin kömek etýändigi subut edildi. Okuwçylarymyzyň zehinini ösdürmek we ýaşlara durmuş ýoluna ugrukdyrmak üçin “Talent Show” atly gyzykly programma taýýarladyk.
Gujurly Bilim Merkezi bilim merkeziniň diwarlarynyň arasynda tomus möwsüminde her ýyl diňleýjileriň arasynda talant şow geçirilýär. Uly göwrümli ýaryşa taýýarlyk tomusky okuw möwsüminde geçirilýär we dabaranyň uly finaly tomsuň ahyrynda geçirilýär. Geçen ýyl 2022-nji ýylyň birinji tapgyrynda konkurs üçin 200 töweregi kandidat ýüz tutdy, şolaryň arasynda indiki tapgyra 50 dalaşgärler saýlandy. Soň bolsa 3 ýeňiji saýlanyldy. Bu çäre TMÝG we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen geçirildi.
Ýöne muňa garamazdan, gatnaşyjylaryň hemmesi begendiler, sebäbi ýüzlerçe deň-duşlarynyň we abraýly emin agzalarynyň öňünde uly sahnada çykyş etmek bilen, bahasyna ýetip bolmajak tejribe gazandylar. Şeýle hem, bu - üçin döredijilik agşamlary we döredijilikli adamlar toparyndakylar, dostlar we mugallymlar bilen uly konserta repetisiýalary boldy. Şeýlelik bilen, çagalara özlerini beýan etmek we zehinlerini we hakyky isleglerini açmak üçin ajaýyp pursat boldy we bu ýaryşyň netijesinde çagalara we ýaşlara zehinlerini görkezmäge we ösdürmäge we geljekki hünärmenleri kesgitlemäge kömek edip biljekdigimize tüýs ýürekden ynanýarys.
Çagalaryň ruhuny we bedenini terbiýelemekde sport örän möhüm ýer alýar. Şol sebäpli bilim merkezimizde köp sanly sport çäreleri we ýaryşlar geçirýäris: futbol, tennis we stol tennisi.
Sport çäreleri, türgenleşikler we ýaryşlar okuwyň we ýaşlaryň ösmegi üçin täsirli we özüne çekiji usuldyr. Topar oýunlaryna gatnaşyp, çaga okuwda we gündelik durmuşda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde saglyga we psihologiki ýagdaýa oňyn täsir edýär.
Iňlis dilini bilmek we beýleki dil höwesjeňleri bilen aragatnaşyk gurmak üçin gürleşmek klubyňyz “ChatterBox”-a hoş geldiňiz.
Biziň wezipämiz, iňlis dilini öwrenip, beýlekilerden tejribe alyp we dowamly baglanyşyk gurup boljak, goldaw beriji we özüne çekiji gurşaw döretmekdir. Söhbetdeşlere gürleşmek islänlerinde mikrofon berilýär.
Iň işjeň gatnaşyjyny ses bermek arkaly saýlanýar we günüň "chatterbox-y" hökmünde sylaglanýar. Gyzykly soraglar, gyzykly meseleler we çäreler gatnaşyjylary höweslendirýär. Ýeňijilere we 3 gezek gatnaşýanlara Chatterbox agzalygy barada şahadatnama berilýär. Jemgyýetimize goşulmaga we biziň bilen bu gyzykly dil öwreniş syýahatyna başlamaga çagyrýarys. Geliň, söhbet edeliň!
Jadyly ses - bu Gujurly Bilim merkeziniň diňleýjileriniň talantlaryny we aýdym-saz ukyplaryny ýüze çykarmak we sungata bolan söýgülerini artdyrmak üçin her tapgyr gurnalýan bäsleşikdir!
Eger siz hem biziň diňleýjimiz bolýan bolsaňyz, aýdym aýtmaga ukybyňyz bar bolsa we saz sungatynda özüňizi kämilleşdirmek isleýän bolsaňyz onda biz size garaşýarys!