Okuwlar
Rus Dili başlaýanlar üçin

“Русский язык для начинающих” tapgyryny üstünlikli özleşdiren diňleýijiler:  

- dürli temalar boýunça: salamlaşmak – sagbollaşmak, ӧz durmuşy hakynda, maşgala, duşuşyk,  telefon arkaly gürleşmek hakynda öz ara gürrüňdeş bolmagy, diňleýiji öz dostlary hakynda, ýaşaýan şäheri hakynda, öz watany hakynda, synpdaşlary hakynda dürli gürrüňleri bermegi;

- gramatikanyň esaslaryndan: Настоящее время глагола, существительные, сказуемое, подежи, суффиксы, приставки, местоимения, Главные /Второстепенные члены предложения ýaly materiallary sӧzlemlerde we söhbetdeşlik arkaly bolsa sözleýişde ulanmagy öwrenerler.

Rus Dili dowam etýänler üçin

“Русский язык для продолжающих” tapgyryny üstünlikli özleşdiren diňleýijiler:

- has çuňlaşdyrylan sözler we söz düzümlerini ulanmagy we çylşyrymly tekstler bilen işlemegi, dürli temalarda ýagny wagtlar, türkmen toýlary hakynda, senenama, dünýä ýurtlary we şäherleri hakynda, eserler hakynda, keseller we hassalar, otel, restoran, teatr, konsert, muzeý, galereýa ýaly temalarda öz ara gürrüňdeşlik geçirmegi hem de ýazuw arkaly ýazyp has içgin özleşdirmegi;

- gramatikanyň esaslaryndan: существительные, сказуемое, местоимения, Настоящее, Прошедшее, Будущее время глагола, Главные/Второстепенные члены предложения, Прямая речь, словосочитание ýaly materiallary sözleýişde we ýazuwda ulanmagy öwrenerler.