«Gujurly bilim merkezi» diller, matematika we kompýuter sowatlylygy boýunça gysgamöhletleýin kurslary hödürleýän hususy eýeçilikdir. Bu bilim merkezi Hormatly Arkadagymyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirýän özgertmelerinden ugur alyp, 2014-nji ýylda ýerli işewürler tarapyndan esaslandyryldy.
Bilim merkeziniň işi gyşky, ýazky, tomusky we güýzki tapgyrlara bölünip, her tapgyr 12 hepdeden ybaratdyr. Diňleýji öz islegine laýyklykda, irdenki, öýlänki ýa-da agşamky okadylýan sapaklary saýlap biler. Her 3 – 3,5 hepdeden öwredilýän dersler boýunça test görnüşinde synaglar geçirilýär.
Tapgyryň dowamyndaky ara synaglardan we final synagyndan ýeterlik baha bilen geçmegi başaran diňleýjilere kursy üstünlikli tamamlandygy barada sertifikat gowşurylýar.
Mugallymlar diňleýijileriň bilimini artdyrmakda innowasion tehnologiýalaryny we okatmagyň milli we döwreaap usullaryny peýdalanmak arkaly elinden gelen ýardamy berýärler. Diňleýjileriň okuw bilen sagdyn durmuş ýörelgesini sazlaşykly alyp barmaklary üçin «Gujurly» bilim merkezinde futbol we tennis boýunça bäsleşikler, okamaga bolan söýgini döretmek üçin kitap ýaryşlary, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ders hepdelikleri, aýdym-sazly konsertler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilip durýar.