Synag 1 Synag 2 Synag 3 Final
30.06.2025
Duşenbe
24.07.2025
Penşenbe
08.08.2025
Anna
16.08.2025
Şenbe
Aşgabat şäheri
Magtymguly şaýoly 73-nji jaýy, "Türkmenistan" söwda merkezi
Aşgabat şäheri
Şahamçasy
Parahat 1 ýaşaýyş toplumy, 1953-nji (Ýaşlar) köçesi, 144-nji jaýy
Aşgabat şäheri
Şahamçasy
8-nji etrapça, Türgenler köçesi, 10-njy jaýy
Änew şäheri
Şahamçasy
Azatlyk köçesi, 15-nji jaýy
Okuwlar
TOEFL

TOEFL – doly görnüşde “Test Of English as a Foreign Language” bolup, “Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dili synagy” diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda internet üsti bilen geçirilýän TOEFL IBT synagy esasy synag görnüşinde bolmagynda galýar.

“Iňlis dili – TOEFL” kursunyň dowamynda diňleýjilere TOEFL testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Diňleýjiler ilki mini testleriň soňra edil hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen diňlemek, okap düşünmek, gepleşik we ýazmak ýaly dil başarnyklaryny ösdürip bilerler. Şeýle-de synagda gabat gelip biljek täze sözler we düzme ýazmagyň yzygiderliligi, pikirleriňi barada ýörite sapaklar geçirler.

Iňlis Dili “Kids 5”

Iňlis dili “Kids 5” kursuny tamamlan diňleýjiler zatlary san we mukdarda aýtmagy, deňeşdirmegi we öz pikirini beýan etmegi, dynç alyş günleri barada gürrüň açmagy, halaýan we halamaýan zatlaryny beýan etmegi, pasyllary we howalary barada gürrüň etmegi we öz pikirini aýtmagy, ýoldaşyndan daşary ýurtda bolup görenligi barada gürrüň açmagy öwrenerler.

Başlangyç kompýuter sowatlylygy

“Kompýuter I – Windows, Microsoft Word, Microsoft Excel” kursyny üstünlikli tamamlan diňleýjiler kompýuter tilsimatynyň başlangyç maglumatlaryny biler, resminamalaryň üstünde Microsoft WORD programmasynyň kömegi bilen işläp biler, kepilnamalary, gutlag hatlaryny, tablisalar bilen baglanyşykly hemme işleri  taýýarlap bilerler, Microsoft Excel programmasynyň kömegi bilen bolsa hasabat işlerini ýerine ýetirip biler. 

“Iňlis Dili – Elementary”

“Iňlis dili – Elementary” kursyny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler, dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemler bilen aýdyp bilerler, geçmiş zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler, ukyplary hakkynda gürläp bilerler (ability-CAN), sanalýan we sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler, jisimler ýa-da adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler.

“Iňlis Dili – Advanced”

“Iňlis dili – Advanced” kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýa-da düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, özleşdirip, aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler. Hem-de öz pikirlerini iňlis dilinde beýan edip bilerler.

“Niveaustufe C1”

Nemes dili “Niveaustufe C1” kursuny tamamlan diňeýjiler nemes dilini ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine  eýe bolarlar. Diňleýjiler  birnäçe temalar boýunça daşary ýurtly raýatlar bilen uzyn gepleşikleri alyp baryp bilerler, dürli temalar boýunça boýunça kitaplary okap, oňa aňsatlyk bilen düşünip bilerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, oňa aňsatlyk bilen düşünip bilerler we göçme manyly sözlere düşünip bilerler. Diňleýjiler ele alan bilimlerini ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ulanyp bilerler.

Intermediate

“Iňlis dili – Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda  uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler,  işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we  bu terminleri ulanyp  özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýa-da pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.

“Niveaustufe B2”

Nemes dili “Niveaustufe B2” kursuny tamamlan diňleýjiler nemes diliniň sözlem gurluşlaryny has içgin öwrenip bilerler. Daşary ýurtly raýatlar bilen uzak möhletli gürrüňdeşligi alyp baryp bilerler, uly tekstleri  ýazyp bilerler. Berlen temalar boýunça has giňişleýin pikirlerini aňladyp bilerler, gündelik durmuş bilen bagly maglumatlary aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iş bilen bagly terminlere düşünip we olary ulanyp özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap temalar barada öz pikirlerini beýan edip bilerler.

Rus Dili başlaýanlar üçin

“Русский язык для начинающих” tapgyryny üstünlikli özleşdiren diňleýijiler:  

- dürli temalar boýunça: salamlaşmak – sagbollaşmak, ӧz durmuşy hakynda, maşgala, duşuşyk,  telefon arkaly gürleşmek hakynda öz ara gürrüňdeş bolmagy, diňleýiji öz dostlary hakynda, ýaşaýan şäheri hakynda, öz watany hakynda, synpdaşlary hakynda dürli gürrüňleri bermegi;

- gramatikanyň esaslaryndan: Настоящее время глагола, существительные, сказуемое, подежи, суффиксы, приставки, местоимения, Главные /Второстепенные члены предложения ýaly materiallary sӧzlemlerde we söhbetdeşlik arkaly bolsa sözleýişde ulanmagy öwrenerler.

Grafika 2D

"Kompýuter II– Adobe Photoshop, Coreldraw” kursyny tamamlan diňleýjiler Adobe Photoshop programmasynyň kömegi bilen suratlaryň üstünde işläp bilerler, Coreldraw programmasynyň kömegi bilen bolsa mahabatlandyrma işlerini taýýarlap bilerler. 

Iňlis dili “Kids 2”

Iňlis dili “Kids 2” kursuny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, Kids 1 kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, gyzyklanmalary barada, gündelik edýän işleri barada, gürrüňdeşlik geçirip bilerler hem-de kärler barada öwrenerler.

Iňlis Dili “Kids 3”

Iňlis dili “Kids 3” kursuny tamamlan diňleýjiler has kynrak sözlemler gurmagy, mylakatly jogaplar bermegi, zatlary mukdaryny beýan etmegi, düýnki we şugünki howa barada gürrüň açmagy, ýaşaýan ýeriň barada sorag-jogap alyşmagy, kärler we iş ýerleri barada gürleşmegi, adamlary deňeşdirmegi öwrenerler.

Çäreler
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
  • Sport
Sport

Çagalaryň ruhuny we bedenini terbiýelemekde sport örän möhüm ýer alýar. Şol sebäpli bilim merkezimizde köp sanly sport çäreleri we ýaryşlar geçirýäris: futbol, tennis we stol tennisi.

Sport çäreleri, türgenleşikler we ýaryşlar okuwyň we ýaşlaryň ösmegi üçin täsirli we özüne çekiji usuldyr. Topar oýunlaryna gatnaşyp, çaga okuwda we gündelik durmuşda möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde saglyga we psihologiki ýagdaýa oňyn täsir edýär.

  • Chatterbox
  • Chatterbox
  • Chatterbox
Chatterbox

Iňlis dilini bilmek we beýleki dil höwesjeňleri bilen aragatnaşyk gurmak üçin gürleşmek klubyňyz “ChatterBox”-a hoş geldiňiz.

Biziň wezipämiz, iňlis dilini öwrenip, beýlekilerden tejribe alyp we dowamly baglanyşyk gurup boljak, goldaw beriji we özüne çekiji gurşaw döretmekdir. Söhbetdeşlere gürleşmek islänlerinde mikrofon berilýär.

Iň işjeň gatnaşyjyny ses bermek arkaly saýlanýar we günüň "chatterbox-y" hökmünde sylaglanýar. Gyzykly soraglar, gyzykly meseleler we çäreler gatnaşyjylary höweslendirýär. Ýeňijilere we 3 gezek gatnaşýanlara Chatterbox agzalygy barada şahadatnama berilýär. Jemgyýetimize goşulmaga we biziň bilen bu gyzykly dil öwreniş syýahatyna başlamaga çagyrýarys. Geliň, söhbet edeliň!

  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
  • Golden Bookmark
Golden Bookmark

“Golden Bookmark” - bu okamak bäsleşigi. Bu bäsleşik her ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen bilim merkezimizde geçirilýär.

Her tapgyrda bäsleşige dürli žanrlardaky kitaplar hödürlenýär. Bu bäsleşige hödürlenýän kitaplaryň üç dilde, ýagny türkmen, rus we iňlis dillerindedigini hem belläp geçmek gerek. Bäsleşige gatnaşanlar saýlan kitabyny okandan soň, kitapdaky tekstiň manysyna, berlen faktlara hem-de pikirlere nähili derejede düşünendiklerine baha berýän ýörite synag tabşyrýarlar. Bu bäsleşik biziň okuw merkezimiziň diňleýjileriniň arasynda 2016-njy ýyldan bäri her tapgyr geçirilip gelýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlary kitaphana medeniýeti bilen tanyşdyrmak we diňleýjilerimizde okamaga bolan söýgini has-da artdyrmak bolup durýar.

  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
  • Talent Show
Talent Show

Dürli psihologlaryň tejribesine esaslanyp, döredijiligiň we sportyň çagalara diňe bir öz mümkinçiliklerini açmak we özlerini tapmak üçin kömek etýändigi subut edildi. Okuwçylarymyzyň zehinini ösdürmek we ýaşlara durmuş ýoluna ugrukdyrmak üçin “Talent Show” atly gyzykly programma taýýarladyk. 

Gujurly Bilim Merkezi bilim merkeziniň diwarlarynyň arasynda tomus möwsüminde her ýyl diňleýjileriň arasynda talant şow geçirilýär. Uly göwrümli ýaryşa taýýarlyk tomusky okuw möwsüminde geçirilýär we dabaranyň uly finaly tomsuň ahyrynda geçirilýär. Geçen ýyl 2022-nji ýylyň birinji tapgyrynda konkurs üçin 200 töweregi kandidat ýüz tutdy, şolaryň arasynda indiki tapgyra 50 dalaşgärler saýlandy. Soň bolsa 3 ýeňiji saýlanyldy. Bu çäre TMÝG we Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň goldawy bilen geçirildi.

Ýöne muňa garamazdan, gatnaşyjylaryň hemmesi begendiler, sebäbi ýüzlerçe deň-duşlarynyň we abraýly emin agzalarynyň öňünde uly sahnada çykyş etmek bilen, bahasyna ýetip bolmajak tejribe gazandylar. Şeýle hem, bu - üçin döredijilik agşamlary we döredijilikli adamlar toparyndakylar, dostlar we mugallymlar bilen uly konserta repetisiýalary boldy. Şeýlelik bilen, çagalara özlerini beýan etmek we zehinlerini we hakyky isleglerini açmak üçin ajaýyp pursat boldy we bu ýaryşyň netijesinde çagalara we ýaşlara zehinlerini görkezmäge we ösdürmäge we geljekki hünärmenleri kesgitlemäge kömek edip biljekdigimize tüýs ýürekden ynanýarys.

  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
  • Jadyly ses
Jadyly ses

Jadyly ses - bu Gujurly Bilim merkeziniň diňleýjileriniň talantlaryny we aýdym-saz ukyplaryny ýüze çykarmak we sungata bolan söýgülerini artdyrmak üçin her tapgyr gurnalýan bäsleşikdir!

Eger siz hem biziň diňleýjimiz bolýan bolsaňyz, aýdym aýtmaga ukybyňyz bar bolsa we saz sungatynda özüňizi kämilleşdirmek isleýän bolsaňyz onda biz size garaşýarys!

Mugallymlar
  • Leyli Rejepova
    Leyli Rejepova
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 5+ ýyl 

    Bilimi: ýokary. Dilçi

    Güýmenjeleri: kino görmek, kitap okamak

  • Aygul Ashyrova
    Aygul Ashyrova
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 10+ ýyl

    Bilimi: Magistr derejesi

    Güýmenjeleri: kitap okamak, syýahat etmek, sport bilen meşgullanmak

  • Maksat Ashyrov
    Maksat Ashyrov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 15+ ýyl 

    Bilimi: ýokary. Dilçi

    Güýmenjeleri: futbol, kitap okamak, bilýard, bagbançylyk

  • Oguljennet Illiyeva
    Oguljennet Illiyeva
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 5+ ýyl

    Bilimi: ýokary

    Güýmenjeleri: taryhy ýerlere gezelenç etmek, öý güllerini ösdürmek

  • Dovletgeldi Rejepov
    Dovletgeldi Rejepov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 15+ ýyl 

    Bilimi: ýokary

    Güýmenjeleri: kitap okamak, aýdym bilen meşgullanmak, futbol oýnamak

  • Merdan Amanyazov
    Merdan Amanyazov
    Iňlis dili mugallymy

    Iş tejribesi: 20+ ýyl 

    Bilimi: ýokary

    Güýmenjeleri: basketbol, tehnologiýa

Wideolar
Gujurly bilim merkezi
Mugallymlar
GBM Talant ýaryşy
Hytaý Täze ýyly
Gujurly bilim merkezi
Gujurly bilim merkezini halaýaryn