Okuwlar
Matematikany çuňlaşdyryp öwredýän 1-nji kurs

Bu kurs 10 aý dowam edip, onda algebradan hakyky sanlar, köpeldijilere dagytmak, funksiýa, köpagza, köplükler, deňeşdirmeler, ikinji derejeli deňlemeler we deňsizlikler, çylşyrymly meseleler, geometriýadan üçburçluklar we olaryň deňlik, meňzeşlik nyaşnlary, köpburçluklar, dörtburçluklaryň görnüşleri, töwerek, geometrik orun, meýdan ýaly temalar we çylşyrymly mysallar öwrediler.

Matematikany çuňlaşdyryp öwredýän 2-nji kurs
Bu kurs 10 aý dowam edip, onda trigonometriýa, kompleks sanlar, logarifma, jem we köpeltmek belgileri,  ýaly temalar geçiler. Ondan başgada bu kursda matematikadan olimpiada degişli kombinatorikadan we sanlar teoriýasyndan birnäçe temalar geçiler. Algebra degişli esasan hem deňsizlikler temasy has çylşyrymly mysallary bilen öwrediler. Bu kursda 9-10 synp mekdep okuwçylara degişli döwlet we halkara derejeli olimpiada soraglarynyň birnäçesi çözüler.
Matematikany çuňlaşdyryp öwredýän 3-nji kurs

Bu kurs 10 aý dowam edip, funksional deňlemeler, kwadratik kemeltmeler, ilkiobrazly kökler, köpagzalara degişli temalar geçiler. Ondan başgada algebra, geometriýa, sanlar teoriýasy we kombinatorika degişli has kyn olimpiada temalary we çylşyrymly olimpiada soraglaryny çözmegiň usullary öwrediler. Bu kursda Halkara matematika olimpiadalarynda çykan soraglaryň birnäçesi çözüler.

Elementar Funksiýalar we Geometriýanyň Başlangyçlary

“Matematika II” kursuny tamamlan diňleýjiler matematika ylmynyň çuňňurlygyna aralaşyp başlarlar. Bu kursda diňleýjiler geometrýa degişli: geometriýanyň esasy düşünjeleri we üçburçluklara degişli mysallar bilen, algebra degişli bolsa: kwadrat we n-nji derejeli kökler, kwadrat deňlemeler we deňsizlikler, modul bilen baglanşykly deňlemeler we deňsizlikler, görkezijili deňlemeler, funksiýalara we kwadrat funksiýalara degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

Trigonometriýanyň Esaslary we Üçburçluklar

“Matematika III” kursunda diňleýjiler geometrýa degişli: gönüburçly, deňýaňly we deňtaraply üçbuçluklar, üçburçlugyň medianasy, bissektrisasy we beýikligi, üçbuçlygyň meýdany we meňzeşlik nyşanlary mowzuklary bilen baglanşykly, algebra degişli bolsa: trigonometriýa, logarifmiki deňlemeler we deňsizlikler we polinom mowzugyna degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

Yzygiderlikler We Dörtburçluklar

“Matematika IV” kursunda diňleýjiler geometrýa degişli: köpburçluklar we dörtburçluklar, töwerek we tegelek mowzuklary bilen baglanşykly, algebra degişli bolsa: kompleks sanlar, jem we köpeltmek belgisi, arifmetiki we geometriki progressiýa mowzugyna degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.

Algebra We Analiziň Başlangyçlary we Aýlanma Jisimleri

“Matematika V” kursunda diňleýjiler geometrýa degişli: köpgranlyklar we aýlanma jisimleri mowzuklary bilen baglanşykly, algebra degişli bolsa: funksiýanyň predeli we önümi, kesgitli we kesgitsiz integrallar, faktorial, kombinatorika, binom-nýuton, ähtimallyklar teoriýasy mowzuklaryna degişli mysallar we testler bilen tanşyp bilerler.