Okuwlar
“Niveaustufe A1”

Nemes dili “Niveaustufe A1” kursuny tamamlan diňleýjiler nemes diliniň umumy temalary bolan tanyşlygy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlay aýdyp bilmegi, sada sözlemleri düzüp bilmegi we sada soraglar sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habar gurluşyny, wagt we sagada degişli sözlemleri öwrenip bilerler. Sada sözlemler sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri ýazyp ýa-da okap bilerler, gündelik durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler, özüni we ýanyndaky birini tanyşdyryp bilerler.

“Niveaustufe A2”

Nemes dili “Niveaustufe A2” kursuny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, A1 kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman şekilleri bilen özlerini tanadyp bilerler, öten zaman, geljek zaman, häzirki zaman şekillerinde gürrüň berip bilerler, gyzyklanmalary barada gürrüňdeşlik geçirip bilerler.

“Niveaustufe B1”

Nemes dili “Niveaustufe B1”  kursuny tamamlan diňleýjiler gündelik işleri barasynda daşary ýurtly raýatlar bilen  aňsatlyk bilen düşünşip bilerler,  täze öwrenen sözlem gurluşlary bilen çylşyrymly bolmadyk abzaslary düşünip we ýazyp bilerler. Diňleýjiler bermek isleýän maglumatlaryny aňsatlyk bilen  düşündirip,   kyn tekstlere düşünip bilerler we özleri we gyzyklanmalary barda söhbetdeşlik edip bilerler.  Maglumatlary bökdençsiz aýtmagy başaryp bilerler.

“Niveaustufe B2”

Nemes dili “Niveaustufe B2” kursuny tamamlan diňleýjiler nemes diliniň sözlem gurluşlaryny has içgin öwrenip bilerler. Daşary ýurtly raýatlar bilen uzak möhletli gürrüňdeşligi alyp baryp bilerler, uly tekstleri  ýazyp bilerler. Berlen temalar boýunça has giňişleýin pikirlerini aňladyp bilerler, gündelik durmuş bilen bagly maglumatlary aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iş bilen bagly terminlere düşünip we olary ulanyp özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap temalar barada öz pikirlerini beýan edip bilerler.

“Niveaustufe C1”

Nemes dili “Niveaustufe C1” kursuny tamamlan diňeýjiler nemes dilini ýalňyşsyz ulanyp bilmek derejesine  eýe bolarlar. Diňleýjiler  birnäçe temalar boýunça daşary ýurtly raýatlar bilen uzyn gepleşikleri alyp baryp bilerler, dürli temalar boýunça boýunça kitaplary okap, oňa aňsatlyk bilen düşünip bilerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, oňa aňsatlyk bilen düşünip bilerler we göçme manyly sözlere düşünip bilerler. Diňleýjiler ele alan bilimlerini ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ulanyp bilerler.