Okuwlar
“Iňlis Dili – Beginner”

“Iňlis dili – Beginner” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis diliniň umumy temalary bolan tanyşmagy, salamlaşmagy, şahsy maglumatlary aýdyp bilmegi, sada sözlemler düzüp bilmegi we sada soraglar sorap bilmegi, ýöňkemeleri, eýe we habaryň gurluşyny, wagt we sagada degişli sözlemleri öwrenip bilerler. Sada sözlemler bilen daşary ýurtly raýatlar bilen gürrüňdeş bolup bilerler, sada sözlemleri ýazyp ýada okap bilerler, günlük durmuşymyzda gerek bolan gepleşikleri aýdyp bilerler, özüni ýa-da ýanyndaky birini tanadyp biler.

“Iňlis Dili – Elementary”

“Iňlis dili – Elementary” kursyny tamamlan diňleýjiler sada abzaslary ýazyp bilerler, beginner kursundaky geçilenleri gysga wagtyň içinde özleşdirerler, öwrenen zaman işlikleri bilen özlerini tanadyp bilerler, dükanlardan harytlary satyn alyp bilerler, bahalar barada pikirlerini sada sözlemler bilen aýdyp bilerler, geçmiş zaman, geljek zaman, häzirki zaman işliklerinde gürrüň berip bilerler, ukyplary hakkynda gürläp bilerler (ability-CAN), sanalýan we sanalmaýan jisimleri tapawut edip bilerler, jisimler ýa-da adamlary sypatlandyrmagyň derejelerini aýdyp bilerler.

“Iňlis Dili – Pre Intermediate”

“Iňlis dili – Pre Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler günlük işleri mynasybetli daşary ýurtly raýatlar bilen aňsatlyk bilen düşünişip bilerler, täze öwrenen söz gurluşlary bilen has çylşyrymly bolmaýan abzaslary okap öwrenip özleşdirip bilerler, dili aýdyň ulanylan ýazgylaryň, abzaslaryň öwretmek isleýän manylaryny aňsatlyk  bilen düşünip bilerler, meşgullanýan işi bilen baglanyşykly kyn abzaslarada düşünip bilerler, daşary ýurtlarda syýahatlarda bolup biljek kynçylyklary ýeňillik bilen, bökdençsiz ýeňip geçip bilerler, başyndan geçen wakalary gürrüň berip bilerler.

Intermediate

“Iňlis dili – Intermediate”  kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis diliniň söz gurluşyny has içgin öwrenip özleşdirip bilerler. Daşary ýurtly ynsanlar bilen birnäçe tema hakynda  uzyn möhletli gürleşip bilerler, çylşyrymly sözlemleri okap düşünip bilerler. Bellenen temalarda düşünjelerini has giňişleýin aýdyp bilerler, gündelik durmuşymyzyň birnäçe bölümlerinde aňsatlyk bilen düşünişip bilerler,  işi bilen baglanyşykly terminleri bilerler we  bu terminleri ulanyp  özleri barada gürrüň berip bilerler, döwrebap syýasy temalar barada negatif ýa-da pozitif öz düşünjelerini beýan edip bilerler.

Iňlis Dili – Upper Intermediate

“Iňlis dili – Upper Intermediate” kursyny tamamlan diňleýjiler iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýa-da düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap özleşdirip aňsatlyk bilen düşündirip bilerler, iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler.

“Iňlis Dili – Advanced”

“Iňlis dili – Advanced” kursyny tamamlan diňleýjiler  iňlis dilini aýdyň we ýalňyşsyz  ulanyp bilmek derejesine eýe bolarlar. Diňleýjiler birnäçe temada daşary ýurtly ynsanlar bilen uzyn möhletli gepleşikleri ýerine ýetirip bilerler, her hili temada kitaplary okap aňsatlyk bilen düşünip ýa-da düşündirip bilerler, göçme manyly sözleriň manylaryny has ýeňil düşünerler, giňişleýin we çylşyrymly abzaslary okap, özleşdirip, aňsatlyk bilen düşündirip bilerler. Iňlis dilini jemgyýetimizde her hili pudaklarda arkaýyn ulanyp bilerler. Hem-de öz pikirlerini iňlis dilinde beýan edip bilerler.

SAT

SAT – Bu ýokary okuw mekdeplerine giriş synagynyň bir görnüşi bolup, dil öwrenijileriň ýokary bilim almag taýýynlyk derejesini ölçeýär.

SAT synagynyň beýleki iňlis dilini biliş derejäňi barlaýan synaglardan tapawudy munda matematika bölüminiň hem bolmagydyr. Şonuň üçin SAT kursunyň dowamynda diňleýjileri iňlis dili bölümine hem-de matematika bölümine aýry-aýry mugallymlar taýýarlar. TOEFL testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Şeýle-de diňleýjiler hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen dil başarnyklaryny ösdürip bilerler.

IELTS

IELTS (International English Language Testing System) – bu, edil TOEFL ýaly, iňlis dilini biliş derejäňi ölçeýän halkara synagdyr. IELTS iki görnüşli synag hödürleýär: biri Akademiki, beýlekisi Umumy Barlag. Ýokary okuwa ýa-da işe girjek bolanyňyzda onuň esasan akademiki görnüşiniň netijeleri talap edilýär. IELTS diňlemek, okap düşünmek, gepleşik we ýazmak  ukyplaryňy barlaýan 4 bölümden ybaratdyr.

“Iňlis dili – IELTS” kursunyň dowamynda diňleýjilere IELTS testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Şeýle-de diňleýjiler hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen dil başarnyklaryny ösdürip bilerler.

TOEFL

TOEFL – doly görnüşde “Test Of English as a Foreign Language” bolup, “Daşary ýurt dili hökmünde iňlis dili synagy” diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda internet üsti bilen geçirilýän TOEFL IBT synagy esasy synag görnüşinde bolmagynda galýar.

“Iňlis dili – TOEFL” kursunyň dowamynda diňleýjilere TOEFL testi barada gysgaça tanyşdyrylyşdan soňra synagda wagty tygşytly peýdalanmak, aljyramazlyk, synagy aňsat ýollar bilen çözmegiň usullary barada maslahatlar berler. Diňleýjiler ilki mini testleriň soňra edil hakyky synagdaky ýaly testleriň üsti bilen diňlemek, okap düşünmek, gepleşik we ýazmak ýaly dil başarnyklaryny ösdürip bilerler. Şeýle-de synagda gabat gelip biljek täze sözler we düzme ýazmagyň yzygiderliligi, pikirleriňi barada ýörite sapaklar geçirler.

Iňlis Diliniň Amalyýet Okuwy

“Iňlis dili – Practical Course” kursyny tamamlan diňleýjiler kurs möhletiniň dowamynda birnäçe temalarda maslahatlaşylýan pikiriň peýdaly ýa-da peýdasyz taraplarynyň özleşdirilenligi sebäpli iňlis dilinde öz pikirlerini aňsatlyk bilen beýan edip bilerler.