Gujurly bilim merkeziniň bilim işgärleriniň arasynda geçirilijek bäsleşigiň düzgünnamasy
Gujurly bilim merkeziniň bilim işgärleriniň arasynda geçirilijek bäsleşigiň düzgünnamasy

1. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler Gujurly bilim merkeziniň doly (full-time) işgäri bolmaly.

2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler GBM-niň web sahypasynda hasaba durmaly.

3. Bäsleşik 3 tapgyrdan, ýagny saýlama, ýarym-final we final tapgyrlaryndan ybarat bolup durýar.

4. Bäsleşigiň saýlama tapgyrynyň şertleri:

   4.a. Gahryman Arkadagymyz, Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaby “Ömrümiň manysy” boýunça test synagyna gatnaşmak;

   4.b. Saýlama tapgyrynyň netijeleri esasynda gatnaşyjylaryň ýokarky 50% ýarym-final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar.

5. Bäsleşigiň ýarym-final tapgyrynyň şertleri:

   5.a. Okadýan ugry boýunça okadyş usulyýetini tanyşdyrmak maksady bilen wideo ýazgysyny taýýarlamaly:

- Wideo ýazgynyň uzynlygy 1 minutdan geçmeli däl;

- Wideo ýazga okuwçylar hem işjeň gatnaşmaly;

    5.b. Taýýarlanan wideo ýazgy GBM-niň sosial mediýa hasabyna ýüklemeli; 

    5.ç. Wideo ýazgynyň 1 hepdäniň dowamynda alan “like” sanlary hasaba alynýar;

    5.d. Wideo ýazgylaryň sosial mediýada alan “like” sanlary esasynda gatnaşyjylaryň ýokarky 50%-i final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar.

6. Final tapgyrynyň şertleri:

    6.a. Bäsleşigiň final tapgyryna gatnaşýan mugallymlar okadýan ugurlary boýunça açyk sapak geçirmeli;

    6.b. Açyk sapagy 2 sany wideo arkaly onlaýn görnüşde geçirmeli;

    6.ç. Emin agzalary onlaýn sapaga baha bermeli;

    6.d. Final tapgyryna gatnaşýan mugallymlaryň öz bilimlerini kämilleşdirmek boýunça eden işleri, gatnaşan okuwlary we ş.m. tassyklaýan şahadatnamalary göz öňünde tutular.

7. Açyk sapaklara baha berýän emin agzalary öňünden tassyklanan talaplary öz içine alýan bahalandyrma tablisasyny doldurýar. 

8. Bäsleşigiň final tapgyrynda geçirilen açyk sapaklaryň bahalary we mugallymlaryň alan şahadatnamalary esasynda 1 sany 1-nji ýer, 1 sany 2-nji ýer we 1 sany 3-nji ýer kesgitlenýär. Eger-de final tapgyryna gatnaşyjylaryň sany 20 we 20-den köp bolsa 1 sany 1-nji ýer, 2 sany 2-nji ýer we 3 sany 3-nji ýer berilýär.

9. Bäsleşigiň tapgyrlarynyň senenamasy:

NoTapgyrBaşlanýan wagtyTamamlanýan wagtyBellik
1Saýlama01.11.202401.12.2024
2Ýarym-final02.12.202409.12.2024
3Final23.12.202428.12.2024
Bäsleşigiň saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin şu ýere basyň.