Gujurly Bilim Merkeziniň kiçi ýaşly diňleýjileriniň arasynda “Golden Bookmark” kitap okamak bäsleşigi
Gujurly Bilim Merkeziniň kiçi ýaşly diňleýjileriniň arasynda “Golden Bookmark” kitap okamak bäsleşigi

Gujurly Bilim Merkeziniň kiçi ýaşly diňleýjileri üçin bäsleşik kategoriýalary:

KategoriýaKitap
Türkmen dilindeÜçekde ýaşaýan Karlsson + Üçekde ýaşaýan Karlsson ýene-de gaýdyp gelýär (Astrid Lindgren)
Rus dilindeПеппи Длинныйчулок (Астрид Линдгрен)


Bäsleşigiň düzgünleri

1. Synagyň geçirilýän ýeri, senesi we wagty: Gujurly Bilim Merkezi (Parahat 1) / 11.08.2024 (Ýekşenbe) / 12:00

2. Synag TEST görnüşinde geçiriler

3. Sorag sany / testiň dowamlylygy : 30 sorag / 30 minut

4. Synagda kitapda agzalyp geçýän käbir sözleriň manysy, sinonimi we / ýa-da antonimi hem soralyp bilner.

5. Nädogry jogaplar ahyrky baly peseldýär!

6. Soraglar diňe okuw merkezimiz tarapyndan berlen kitap nusgalaryndan taýýarlanjakdyr!

7. Ahyrky netijesi 60-dan pes bolan gatnaşyjylar derejelendirmä degişli däldirler!

8. Gatnaşyjy diňe bir kategoriýa boýunça bäsleşige gatnaşyp biler!

9. Ýer paýlanyşygy kategoriýalara görä aşakdaky ýaly kesgitlener:

Bir kategoriýada 1-5 gatnaşyjy bolsa – diňe 1-nji ýer;

Bir kategoriýada 6-9 gatnaşyjy bolsa – 1-nji we 2-nji ýer;

Bir kategoriýada 10 we ondan köp gatnaşyjy bolsa – 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler.

Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar!

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz mugallymlaryna 06.08.2024 senä çenli ýazylmalydyrlar!

Bäsleşige ýazylmak üçin öz mugallymyňyza ýüz tutuň!