Gujurly Bilim Merkeziniň diňleýjileriniň arasynda “Golden Bookmark” kitap okamak bäsleşigi
Gujurly Bilim Merkeziniň diňleýjileriniň arasynda “Golden Bookmark” kitap okamak bäsleşigi

Gujurly Bilim Merkeziniň diňleýjileri üçin bäsleşik kategoriýalary:

Kategoriýa
Kitaplar
Türkmen dili
Meniň söýgüli pyrtykal agajym (Joze Mauru de Waskonselus)
Rus dili
Гарри Поттер и Философский Камень (Джоан К. Роулинг)
Iňlis dili
Harry Potter and the Prisoner of Azkaban (Joanne K. Rowling)


Bäsleşigiň düzgünleri:

  1. Synagyň geçirilýän ýeri, senesi we wagty: Gujurly Bilim Merkezi (Parahat 1) / 11.08.2024 (Ýekşenbe) / 12:00
  2. Synag TEST görnüşinde geçiriler
  3. Sorag sany / testiň dowamlylygy: 50 sorag / 50 minut
  4. Synagda kitapda agzalyp geçýän käbir sözleriň manysy, sinonimi we / ýa-da antonimi hem soralyp bilner.
  5. Nädogry jogaplar ahyrky baly peseldýär!
  6. Soraglar diňe okuw merkezimiz tarapyndan berlen kitap nusgalaryndan taýýarlanjakdyr!
  7. Ahyrky netijesi 60-dan pes bolan gatnaşyjylar derejelendirmä degişli däldirler!
  8. Gatnaşyjy diňe bir kategoriýa boýunça bäsleşige gatnaşyp biler!
  9. Ýer paýlanyşygy kategoriýalara görä aşakdaky ýaly kesgitlener:
    • Bir kategoriýada 1-5 gatnaşyjy bolsa – diňe 1-nji ýer;
    • Bir kategoriýada 6-9 gatnaşyjy bolsa – 1-nji we 2-nji ýer;
    • Bir kategoriýada 10 we ondan köp gatnaşyjy bolsa – 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler;

Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar!

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 06.08.2024 senä çenli ýazylmalydyrlar!

Ýazylmak üçin öz mugallymyňyza ýüz tutuň!