Gujurly Bilim Merkeziniň kiçi ýaşly diňleýjileriniň arasynda “Golden Bookmark” kitap okamak bäsleşigi
Gujurly Bilim Merkeziniň kiçi ýaşly diňleýjileri üçin bäsleşik kategoriýalary:
Kitaplar:
Türkmen dilinde: Lukman Dulitliň başdan geçirenleri (H. Loftiň)
Rus dilinde: В стране невыученных уроков (Л. Гераскина)
Bäsleşigiň düzgünleri:
- Synagyň geçirilýän ýeri, senesi we wagty: Gujurly Bilim Merkezi (UNIWERMAG) / 04.05.2025 (Ýekşenbe) / 11:00
- Synag TEST görnüşinde geçiriler
- Sorag sany / testiň dowamlylygy : 30 sorag / 30 minut
- Synagda kitapda agzalyp geçýän käbir sözleriň manysy, sinonimi we / ýa-da antonimi hem soralyp bilner.
- Nädogry jogaplar ahyrky baly peseldýär!
- Soraglar diňe okuw merkezimiz tarapyndan berlen kitap nusgalaryndan taýýarlanjakdyr!
- Ahyrky netijesi 60-dan pes bolan gatnaşyjylar derejelendirmä degişli däldirler!
- Gatnaşyjy diňe bir kategoriýa boýunça bäsleşige gatnaşyp biler!
- Kids kitaplary boýunça bäsleşige diňe "kids" ýa-da "junior" toparlarynda okaýan diňleýjiler gatnaşyp bilýär!
- Ýer paýlanyşygy kategoriýalara görä aşakdaky ýaly kesgitlener:
- Bir kategoriýada 1-5 gatnaşyjy bolsa – diňe 1-nji ýer;
- Bir kategoriýada 6-9 gatnaşyjy bolsa – 1-nji we 2-nji ýer;
- Bir kategoriýada 10 we ondan köp gatnaşyjy bolsa – 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler.
Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar!
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz mugallymlaryna 30.04.2025 senesine çenli ýazylmalydyrlar!
Bäsleşige ýazylmak üçin öz mugallymyňyza ýüz tutuň!