Gujurly Bilim Merkeziniň diňleýjileriniň arasynda “Golden Bookmark” kitap okamak bäsleşigi
Gujurly Bilim Merkeziniň diňleýjileri üçin bäsleşik kategoriýalary:
Kitaplar:
Türkmen dilinde: Biçäreler (F. Dostoýewskiý)
Iňlis dilinde: The Three Investigators (R. Arthur)
Rus dilinde: Дети железной дороги (Э. Несбит)
Bäsleşigiň düzgünleri:
- Synagyň geçirilýän ýeri, senesi we wagty: Gujurly Bilim Merkezi (PARAHAT 1 şahamçasy) / 09.02.2025 (Ýekşenbe) / 11:00
- Synag TEST görnüşinde geçiriler
- Sorag sany / testiň dowamlylygy: 50 sorag / 50 minut
- Synagda kitapda agzalyp geçýän käbir sözleriň manysy, sinonimi we / ýa-da antonimi hem soralyp bilner.
- Nädogry jogaplar ahyrky baly peseldýär!
- Soraglar diňe okuw merkezimiz tarapyndan berlen kitap nusgalaryndan taýýarlanjakdyr!
- Ahyrky netijesi 60-dan pes bolan gatnaşyjylar derejelendirmä degişli däldirler!
- Gatnaşyjy diňe bir kategoriýa boýunça bäsleşige gatnaşyp biler!
- Ýer paýlanyşygy kategoriýalara görä aşakdaky ýaly kesgitlener:
- Bir kategoriýada 1-5 gatnaşyjy bolsa – diňe 1-nji ýer;
- Bir kategoriýada 6-9 gatnaşyjy bolsa – 1-nji we 2-nji ýer;
- Bir kategoriýada 10 we ondan köp gatnaşyjy bolsa – 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerler;
Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar!
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 31.01.2025 senesine çenli ýazylmalydyrlar!
Ýazylmak üçin öz mugallymyňyza ýüz tutuň!